(2014-nji ýylyň 11-nji dekabry)
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly diplomatlar!
Hormatly adamlar!
Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäde abraýly we uly hormata mynasyp bolan döwletleriň biridir. Biziň ýurdumyz sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Bitarap Türkmenistan öz saýlap alan daşary syýasat ugry bilen ynamly öňe barýar. Biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň esasy maksady üýtgewsiz bolmagynda galýar. Bu syýasat ýurdumyzyň içerki ösüşini üpjün etmek, döwletimiziň garaşsyzlygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmak, Watanymyzy ykdysady taýdan ösdürmek, mähriban halkymyzyň abadançylygyny we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak üçin amatly daşarky şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň kuwwatly ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýär. Döwletimizde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin ähli şertler döredilendir. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň şu ýyldaky ösüşiniň jemleri hem biziň bu aýdanlarymyza şaýatlyk edýär. Milli pulumyz – manadyň hümmeti hem bellenen derejede durnukly saklanýar.
Bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda düýpli özgertmeler dowam edýär. Gurluşykda, senagatda, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda hem ýokary ösüş depginleri saklanýar. Iri zawodlaryň we fabrikleriň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar.
Durmuşa geçirýän özgertmelerimize laýyklykda, nebitgaz ýataklary özleşdirilýär we abadanlaşdyrylýar. Iri gaz geçirijiler gurulýar. Has oňaýly we ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejeli myhmanhanalary we beýleki köp sanly durmuş maksatly desgalary gurmak hem-de ulanmaga bermek boýunça işler giň gerim bilen alnyp barylýar.
Biz daşary syýasatymyzy hem üýtgewsiz ýörelegeler esasynda alyp barýarys. Hemişelik Bitaraplyk, deňhukukly, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan, özara bähbitli hyzmatdaşlyk bu ýörelgeleriň esasyny düzýär. Garaşsyz Watanymyz şu ýörelgelerden ugur alyp, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna gyşarnyksyz eýerýär.
Türkmenistan sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz mynasyp goşandyny goşmagyny dowam edýär. Goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we ynsanperwer ugurda gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça netijeli işleri alyp barýar.
Siziň bilşiňiz ýaly, biz türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýini dabaraly belläp geçdik. Bu ýubileý halkara ähmiýetli örän möhüm waka boldy. Ýubileý çäreleri diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem dünýäniň onlarça ýurdunda giňden we dabaraly geçirildi.
2014-nji ýyl türki dilli ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edildi. Bu çäreler ýurdumyzyň açyklyk, beýik ynsanperwerlik, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmek ýörelgelerine eýerýändiginiň, medeni we ynsanperwer ulgamda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy!

Geljek ýylda hem biziň öňümizde giň gerimli we möhüm ähmiýetli, täze wezipeler durýar. 2015-nji ýylda biz dünýä bileleşigi bilen birlikde taryhy senäni – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 20 ýyllyk şanly baýramyny giňden we dabaraly belläp geçeris.
Siziň bilşiňiz ýaly, 2015-nji ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Kabul edilen bu karar Türkmenistanyň Ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň üstüne uly jogapkärçiligi ýükleýär we olaryň öňünde aýratyn möhüm wezipeleri goýýar. Daşary işler ministrligi, Ilçilerimiz we konsullarymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ägirt uly ähmiýetini bütin dünýäde giňden açyp görkezmelidirler.
Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara syýasatynyň, durnukly ösüşi üpjün etmegiň düýpli we oňyn şertidigini giňden wagyz etmelidirler.
Asudalygy goramagyň we özara düşünişmegiň, dünýäde döreýän ähli halkara meselelerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegiň netijeli guraly hökmünde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bütin dünýä ýaýmalydyrlar.
Şoňa görä-de, 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi bilen bagly geljek ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giň gerimli çäreleri guramak we geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmagy Daşary işler ministrligine tabşyrýaryn. Ministrlik bu ugurda geçiriljek işler baradaky teklipleri gysga wagtyň içinde taýýarlap, seretmek üçin bermeli.
Türkmenistan geljek ýylda hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we netijeli gatnaşyklary giňeltmek we hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça anyk maksada gönükdirilen syýasaty yzygiderli dowam eder.
Türkmenistanyň alyp barýan halkara energetika hyzmatdaşlygynyň örän uly ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, Daşary işler ministrligine, Ilçihanalarymyza, konsullyklarymyza, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarymyza alnyp barylýan energetika diplomatiýasynyň çäklerinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ýurdumyzyň başlangyçlaryny halkara giňişliginde öňe sürmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrýaryn.
Şu maksat bilen, Birleşen Milletler Guramasy, hususan-da, bu Guramanyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça müdirligi bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmeli. Energetika meseleleri bilen meşgullanýan halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns bermeli.
Ulaglar pudagy türkmen diplomatiýasynyň hemişe üns merkezinde bolmalydyr. Ýurdumyzyň diplomatlary täze üstaşyr geçelgeleri döretmek, Türkmenistany kontinentde uly ähmiýeti bolan iri ulag merkezine öwürmek boýunça öňe süren başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmekde netijeli işleri alyp barmalydyrlar.
Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligine, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň ulaglar pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge niýetlenen ähli başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmegi tabşyrýaryn. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamaly we durmuşa geçirmeli. Bu halkara Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, Aziýa hem-de Ýuwaş Ummany üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns bermeli.

Goňşy döwletler bilen ysnyşykly hem-de köpgurly gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm ugrudyr. Goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmek, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary alyp barmak sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde örän möhüm şertleriň biridir. Bu gatnaşyklar sebitde ykdysady we durmuş taýdan ösüşi yzygiderli üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, ýakyn goňşularymyz bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygyna siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Biz Hazar deňzi boýunça bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde alyp barýan işlerimizi, öňe süren başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmegi hem dowam ederis. Hazar deňzinde söwda-ykdysady we ulag ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda täze, köptaraplaýyn resminamalary işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp bararys.
Daşary işler ministrligi şu başlangyçlary goldamak, gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary boýunça yzygiderli we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin Hazarýaka döwletleri bilen hemişe iş alyp barmalydyr.
Biziň ýurdumyzy Hytaý Halk Respublikasy bilen ýakyn dostluk gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde Hytaý biziň iri daşary söwda hyzmatdaşymyz bolup durýar. Bu ýurt bilen gatnaşyklarymyz özara bähbitli we uzakmöhletleýin esasda guralýar.
Russiýa Federasiýasy biziň ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Russiýa bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde alyp barýan gatnaşyklarymyz özüniň oňat netije berýändigini we iki döwletiň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini görkezdi. Biz Russiýa Federasiýasy bilen geljekde hem dostukly gatnaşyklarymyzy dürli ugurlar boýunça giň gerim bilen ösdüreris.
Biz birnäçe ýyllaryň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklarymyzy hem ösdürýäris. Bu döwlet bilen dünýäde parahatçylygy goramak we durnuklylygy saklamak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek ýaly, möhüm ugurlarda gatnaşyklary ösdürýäris.
Ýewropa Birleşigi bilen hem biz netijeli hyzmatdaşlyk edýäris. Türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygyny talaba laýyk ösdürmek maksady bilen, diplomatik gulluklarymyz Ýewropa Komissiýasy bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmalydyr. Bu mesele şu ýylyň noýabr aýynda Ýewropa Komissiýasynyň öz işini täze düzümde başlamagy bilen baglylykda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Daşary işler ministrligi Günorta we Merkezi Amerikada Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça alyp barýan işlerini geljekde hem dowam etmelidir.
Biz Afrika döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini jikme-jik öwrenmäge girişmelidiris. Bu kontinentiň birnäçe iri ýurtlary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Şoňa görä-de, Afrika döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak boýunça geçirilýän işleri dowam etmeli.
Umuman, Bitarap döwletimiziň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň yzygiderli giňelip, köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny, dünýä giňişliginde tutýan ornunyň ýokarlanýandygyny we täsiriniň barha artýandygyny bellemek isleýärin.
Şoňa görä-de, Daşary işler ministrligine şol bir wagtda Ilçilerimizi beýleki döwletlerde bellemek bilen 2015–2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň daşary ýurtlarda diplomatik wekilhanalaryny açmagyň meýilnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrýaryn.

Ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek biziň döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Häzirki döwürde türkmen ýaşlary dünýäniň köp ýurtlarynda bilim alýarlar, şol sanda döwletimiziň ibermegi boýunça hem okaýarlar.
Biziň ilçihanalarymyz we konsullyklarymyz döwletimiziň raýatlarynyň beýleki ýurtlarda bilim alşy, durmuş we dynç alyş şertleri bilen hemişe gyzyklanyp durmalydyr. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini hem goramalydyr.
Daşary işler ministrligine şu meselelere aýratyn üns bermegi tabşyrýaryn.
Nesip bolsa, biz 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçireris. Şoňa görä-de, Daşary işler ministrligine V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlygy giňden beýan etmek maksady bilen, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda habar beriş çärelerini guramagyň we geçirmegiň meýilnamasyny düzmegi tabşyrýaryn.

Biz şu duşuşygymyzy uly baýramyň – Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň öňýanynda geçirýäris. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. 12-nji dekabr – Bitaraplyk güni Garaşsyz Türkmen döwletiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy biziň döwletimiziň daşary syýasy ugruny kesgitleýär, bu syýasaty durmuşa geçirmegiň esasy şerti bolup durýar. Beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmakda we ösdürmekde, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygymyzy berkitmekde döwletimiziň Bitaraplygy bize syýasy hem-de hukuk taýdan pugta binýat bolup hyzmat edýär.
Şoňa görä-de, Bitarap döwletimiziň özara hormat goýmaga, deňhukukly gatnaşyklara, netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty durmuşa geçirmek arkaly, geljekde hem dünýäniň ähli döwletleri we halklary bilen dostlugy we arkalaşykly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürjekdigine berk ynanýaryn!